Germaniýada üç ýyl ýaşandan soňra raýatlyk almak üçin ýüz tutmaga mümkinçilik berýän kanun ýatyryldy. Kanuny üýtgetmek baradaky teklip ýurduň Federal Mejlisinde (Bundestag) geçirilen ses berlişikde ýeterlik möçberde ses aldy. Has çalt uýgunlaşan we belli bir talaby kabul edýän daşary ýurtlulara 3 ýyl ýaşandan soňra raýatlyk almak üçin ýüz tutmaga mümkinçilik berýän kanun geçen ýylyň iýun aýynda ozalky Hökümet döwründe güýje giripdi.
Mundan ozalky Sosial demokrat partiýa (SPD), Ýaşyllar we Azat demokrat partiýadan (FDP) ybarat bolan koalisiýa Hökümeti raýatlyga ýüz tutmak üçin ýurtda ýaşamaly wagty 8 ýyldan 5 ýyla düşüripdi. Integrasiýa babatda has gowy netije görkezenler üçin bu möhlet 3 ýyl diýlip kesgitlenipdi. Şeýle hem Germaniýanyň raýatlygyny almak üçin öz ýurduň raýatlygyny saklap galmaga hem mümkinçilik berlipdi.
Parlamentdäki ses berlişikde diňe raýatlyk almak üçin üç ýylda ýüz tutmaga mümkinçilik berýän düzgün sese goýuldy we ýatyryldy. Şol sebäpli kanundaky beýleki düzgünler öňküligine galar.
Geçen ýyl ýurduň raýatlygyna ýüz tutanlaryň sany rekord derejä ýetip, 292 müň töweregi boldy. Olaryň arasynda üç ýyl bu ýurtda ýaşandan soňra ýüz tutanlaryň sanynyň 1 göterimden hem azdygy çaklanylýar.