Polşada 30-njy iýundan başlap, 4 günlük iş hepdesine geçmek boýunça synag maksatnamasy ýola goýlar.
Bu maksatnama, Seým (parlament) tarapyndan ýurduň Maşgala, zähmet we durmuş syýasaty ministrliginiň teklibi bilen kabul edildi. Ministrligiň hünärmenleriniň pikiriçe, gysga iş wagty işgärlere we iş berijilere köp peýda getirer. Bir tarapdan, ilatyň beden we akyl saglygy güýçlener, adamlaryň öz-özüni ösdürmek üçin has köp wagty bolar we iş bilen şahsy durmuşyň arasyndaky deňagramlylygy ýokarlandyrar. Beýleki tarapdan, zähmet bazaryndaky işiň netijeliligi we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanar.
Synag maksatnamasy 15-18 aý dowam eder. Synag maksatnamasy ýola goýlandan soň işçileriň aýlyklarynyň azalmajakdygy aýratyn nygtalýar.
Gysgaldylan iş hepdesine geçmek, ilkinji nobatda, Polşadaky gutulgysyz demografiki meseleler bilen baglanyşykly.