14-nji oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde pars edebiýatynyň meşhur lirik şahyry Hafyz Şiraza bagyşlanyp, dabaraly çäre guraldy. Bu dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, žurnalistler, pars dilini öwrenýän ýaşlar we beýleki myhmanlar gatnaşdy.
Gurhandan aýat okamak bilen başlanan çärede EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani türkmen we eýran halkynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar, medeni umumylyklar, Hafyz Şirazynyň ömri we döredijiligi barada täsirli çykyş etdiler.
EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi öz giriş sözi bilen eden çykyşynda Hafyz Şirazyny ýatlama gününiň iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösmegine sebäp boljakdygyny, Şirazynyň edebi mirasynyň bütin dünýäde aýratyn gymmatlyga eýedigini belläp geçdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani öz çykyşynda: – Pars şygryýetiniň edebiýatynyň, ylmynyň we sungatynyň wekilleri bütin dünýäniň asmanyny ýagtylandyrýan we adamzat jemgyýeti üçin gymmatly miras bolup galan parlak ýyldyzlaryndan doly. Bu beýik ýyldyzlardan biri, gizlin syrlary we görünmeýän dünýäni aňladýan Lisan al-Gaýb ady bilen tanalýan Hoja Şams al-Din Muhammet ibn Baha al-Din Hafyz Şirazydyr. Hafyzyň meşhurlygy edebiýat we poeziýa pudagyndan çykyp, ylym we sungat ugurlaryna ýaýrady. Şeýlelik bilen Hafyzyň goşgularynyň köpüsi Eýranyň adaty aýdym-saz, kalligrafiýa we şekillendiriş sungaty, miniatýura we heýkeltaraşlyk temasyna öwrüldi. Hafyzyň şöhraty Eýranyň we umumy medeniýetli sebitimiziň serhetlerinden geçip, bütin dünýä ýaýrady – diýip, juda jaýdar belledi.
Çäräniň dowamynda EYR-nyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde pars dilini öwrenýän ýaşlar tarapyndan Hafyz Şirazynyň goşgylary labyzly okaldy. Şeýle-de, türkmen, azerbeýjan we rus dillerinde aýdymlaryň ýaňlanmagy çäräniň dabarasyny has-da artdyrdy. Çäräniň dowamynda geçirilen söz ýaryşy, beýt okamak, gazaly ýatdan aýtmak tomaşaçylarda unudylmajak täsir galdyrdy. Şonuň ýaly hem EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň mekdebiniň pars dili we edebiýaty mugallymy Muhammediniň Hafyz Şirazynyň eserleriniň ruhy gymmatlygy baradaky çykyşy köpleriň göwnünden turdy.
Çäräniň ahyrynda mugallymlaryň we pars dili öwrenijileriň arasyndaky ýaryşyň jemi jemlenip, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet Merkezi tarapyndan çykyş edenlere ýadygärlik sowgat gowşuryldy. Dabaraly çäräniň soňunda hödür-kerem edildi.