20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi bilen bilelikde her ýyl oktýabr aýynda bellenilýän nusgawy pars edebiýatynyň görnükli şahyry Hafyz Şirazyny şygryýet gününe bagyşlanyp edebi-medeni çäre geçirildi.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Döwletgeldi Hallygylyjow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi çykyş etdiler. Çykyşlarda pars we türkmen edebiýatyndaky umumylyklar beýan edilip, olaryň, hususan hem Hafyz Şirazynyň edebi mirasynyň köpasyrlyk taryha eýe bolan türkmen-eýran gatnaşyklaryndaky hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy medeni we ruhy gymmatlyklara, şol sanda umumy edebiýata we taryha esaslanýandygy barada bellenip geçildi.
Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça Geňeşçisi Abdolreza Abbasi çykyş edip, Hafyzyň şygryýetiniň özüniň sadalygy we düşnükliligi nazaryndan häzirki döwürde hem meşhurlyga eýedigi we onuň dostluk, parahatçylyk, hakykat söýüjilik we söýgi temalaryndaky goşgylarynyň diňe bir Eýran däl, eýsem dünýä halklarynyň edebiýatynda görnükli orun eýeleýän genji-hazynadygyny belledi.

Çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary şeýle-de EYR-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri Hafyz Şirazynyň hem-de Saady Şirazy we Magtymguly Pyragy ýaly iki ýurduň görnükli şahyrlarynyň türkmen we pars dillerindäki şygyrlaryny hem-de aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Dabaraly çäräniň ahyrynda myhmanlar we çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň girelgesinde bu ýokary okuw jaýy bilen EYR-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň bilelikde gurnan iki goňşy döwletiň amaly-haşam sungatyna hem-de pars dili we edebiýatyna bagyşlanan sergini synladylar.
PDF








