Bir ýaş ýi­gi­diň toý gü­ni bar­ha go­laý­lap­dyr. Ol to­ýa en­çe­me aý­lap taý­ýar­lyk gö­rüp­dir. Bir gün öý­len­ýän ýi­git ka­ka­sy­na ýüz­le­nip:
– Ka­ka, sen­den bir ha­ýy­şym bar. Me­niň bir özüm hiç za­da ýe­ti­şe­mok, şo­nuň üçin, ine, dost­la­ry­myň sa­na­wy. Ola­ra jaň edip, to­ýu­ma ça­gy­ryp be­räý – di­ýip­dir.
– Bor, og­lum! – di­ýip, ka­ka­sy sa­naw­ly ka­gy­zy alyp­dyr.
Toý gü­ni og­ly ka­ka­sy­nyň ýa­ny­na how­sa­la­ly ge­lip:
– Ka­ka, se­niň ede­niň nä­me? Men sa­ňa «Äh­li dost­la­ry­ma jaň edip, to­ýa ça­gy­ryp ber» diý­män­mi­dim – di­ýip, ga­har­la­nyp ug­rap­dyr.
– Men se­niň aý­dy­şyň ýa­ly et­dim-ä – di­ýip, ka­ka­sy oňa ho­şa­maý jo­gap be­rip­dir.
– Ka­ka, me­niň sa­ňa be­ren sa­na­wym­da 50 adam bar­dy, to­ýa bol­sa ola­ryň di­ňe 15-si ge­lip­dir.
– Og­lum, men ola­ryň hem­me­si­ne-de jaň edip çyk­dym. Ola­ryň her bi­ri­ne se­niň ha­ýy­şyň bi­len jaň ed­ýän­di­gi­mi hem-de se­niň toý ala­da­la­ry bi­len ýe­tiş­me­ýän­di­gi­ňi we sa­ňa dost­la­ryň kö­me­gi­niň ge­rek bol­jak­dy­gy­ny hem aýt­dym. Men ola­ryň äh­li­sin­den şu gün, şu sa­gat­da, şu ýe­re jem­len­mek­le­ri­ni ha­ýyş et­dim. Sen onuň üçin ala­da et­me, og­lum! Çün­ki se­niň ha­ky­ky dost­la­ryň hä­zir, ine, şu taý­da.