Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri möhüm meseleleri bilelikde, şöhratly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däbine daýanyp ara alyp maslahatlaşypdyr we çözüpdir. Häzirki döwürde bu asylly däpler Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr.
Şu günler ýurdumyzda döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň öňden gelýän demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şu ýyl uly üstünliklere beslenip, şol üstünlikler halkymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy netijesinde gazanylýar. Gazanylan syýasy, ykdysady ösüşler, medeni-durmuş özgertmeler raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrdy, gurýan we özgerýän döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny pugtalandyrdy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde geçiriler. Ony ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk komiteti döredildi. Häzirki wagtda ol degişli toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisinde geçen döwürde alnyp barlan işleriň jemi jemlener, ýakyn we uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitleniler, olary çözmegiň ýollary babatda tekliplere garalar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji awgustda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda «Biz şu ýylyň sentýabrynda ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyny giňden belläp geçeris. Halkymyz hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsanç bilen garşy alýar. Sebäbi bu sene Garaşsyz ýurdumyz hem-de agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, biziň her birimizi täze, belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris. Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys» diýip belleýär.
Şeýle-de mejlisde Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna guramaçylyk topary bilen bilelikde aşakdaky işleri ýokary derejede alyp barmagy tabşyrdy.
1 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde we mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden guramaly;
2 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işleri guramaçylyk topary bilen bilelikde meýilnama esasynda alyp barmaly;
3 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna soraglary taýýarlamaly we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmaly;
4 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmekde welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmeli;
5 Raýatlardan gelip gowşan tekliplere we beýleki ýüztutmalara garamak, olary hasaba almak, umumylaşdyrmak boýunça işleri alyp barmaly;
6 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmegiň maksatnamasyny taýýarlamaly;
7 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlary taýýarlamaly;
8 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Mejlisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde utgaşykly alyp barmaly;
9 Türkmenistanyň Mejlisi hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleri dowam etdirmeli;
10 Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara hormatly atlary dakmak boýunça alyp barýan işlerimizi hem guramaçylykly ýerine ýetirmeli. Mynasyp adamlary hödürlemek we bu işleri resmileşdirmek boýunça işleri talabalaýyk alyp barmaly.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halk bilen geňeşmek – Halk Maslahatlaryny yzygiderli geçirmek indi däbe öwrüldi. Häzirki wagtda ýurtda bu umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Mejlisiň gün tertibini hem-de resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmenistanlylara öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähmiýetini düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Golaýda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi syýasy-jemgyýetçilik waka bolmak bilen, halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmekde, halkymyzyň syýasy medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýelär.