20-21-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Halkara goragy boýunça sebitleýin halkara okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre sebitde bosgunlaryň halkara goraglylygyny üpjün etmek, migrasiýa amallaryny dolandyrmak we raýatsyzlygyň soňuna çykmak baradaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin  netijeli meýdança boldy.
Halkara okuw maslahatyna Merkezi Aziýa döwletleriniň we halkara guramalaryň hünärmenleri bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Okuw meýilnamasynyň gün tertibi ählumumy we sebit derejesindäki migrasiýa syýasaty çygryndaky giň gerimli möhüm wezipeleri öz içine aldy. Geçirilen sapaklaryň dowamynda gaçybatalga bermegiň hukuk binýadyny, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň iş ugurlaryny öwrenmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem okuw maslahatynyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň milli kanunçylyklarynyň aýratynlyklary we  bosgun statusyny kesgitlemegiň amallary seljerildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Çeşme: migration.gov.tm