Golaýda, Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni” atly halkara internet olimpiadasy geçirildi.
Halkara olimpiada Türkmenistan bilen bilelikde Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Belarus Respublikalary, Russiýa Federasiýasy, Türkiýe Respublikasy we Hytaý Halk Respublikasy ýurtlaryndan 72 sany abraýly ýokary okuw mekdebiniň jemi 535 sany talyp gatnaşdy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilen halkara bäsleşik ýaş nesliň ykdysady düşünjelerini, pikirlenmek ukyplaryny has-da ösdürmekde, olara dünýäde parahatçylygy we birek-birege bolan ynanyşmagy berkitmegiň zerurlygyny wagyz etmekde şeýle-de, onuň ykdysady ösüşdäki ähmiýetini görkezmekde aýratyn orun eýeledi. Halkara olimpiada onlaýn görnüşinde geçirilip, onda dürli ugurlar boýunça bilim alýan gatnaşyjylara makroykdysadyýet, dünýä ykdysadyýeti we halkara ykdysady gatnaşyklar derslerine degişli test soraglary hödürlenildi. Onda netijeler boýunça jemi 106 sany gatnaşyjy gowy netije görkezip, ýurdumyz boýunça 66 sany talyp, daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerinden 40 sany talyp halkara olimpiadanyň ýeňijileri boldular.
Düýn, halkara internet olimpiadanyň ýeňijilerine Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda sylaglanyş dabarasy geçirildi. Aýdym-sazly geçirilen çäre-de, ýeňijilere ýokary okuw mekdebiniň rektory tarapyndan I, II, III derejeli diplomlar we Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.