15-nji aprelde Hytaýyň Guançžou şäherinde Import we eksport sergisi (Bahar Kanton sergisi) açyldy. Her ýylyň bahar we güýz pasyllarynda geçirilýän sergi 5-nji maýa çenli dowam eder. Dünýäniň bu ugurdaky iň iri sergileriniň biri bolan gözden geçirilişde elektronika, maşyn-gurluşyk, gurluşyk materiallary, hojalyk harytlary we dokma önümleri ýaly jemi 16 ugurda müňlerçe önüm görkezilýär.
Sergi üç tapgyrda amala aşyrylyp, her tapgyr başga bir ugra niýetlenendir. Soňky ýyllarda Hytaýyň köp ýurduň raýatlaryna wizasyz girmäge mümkinçilik döretmegi netijesinde serginiň myhmanlary hem artýar. Sergi 1 million 550 müň inedördül metrde geçirilip, bu ýerde 75 müň 700 diwarlyk bar. Gatnaşyjy kompaniýalaryň we myhmanlaryň sany bolsa, 32 müňden geçýär.
Halkara sergi 1957-nji ýyldan bäri geçirilýär.
PDF








