«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji oktýabrdan Minsk bilen yzygiderli gatnawlary açar

103

«Türkmenistan» awiakompaniýasy oktýabr aýynda Belarus yzygiderli halkara uçar gatnawlaryny açar. Bu barada Minsk milli howa menziliniň metbugat gullugy habar berýär. Habarda bellenilşi ýaly, uçuşlar 1-nji oktýabrdan yzygiderli tertipde başlar.

«Boeing 737-800» uçarlary şenbe güni Aşgabat – Minsk – Türkmenabat aralygynda uçuşlary amala aşyrar.