Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary tarapyndan türkmen we beýleki dillerde ýazylan maglumatlary özbaşdak seljerip we netijäni çykaryp bilýän «Antiplagiat» atly programma üpjünçiligi döredildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Bu programma Türkmenistanyň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan degişli şahadatnama berildi.
Ýene bir oýlap tapyş — energiýa sarp edilişini hasaplaýan «akylly» programma üpjünçiligidir. Ol ýörite sensorlar we beýleki hasaplaýjy enjamlary ulanmazdan, yşyklandyryş enjamlarynyň energiýa sarp edişine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Bular barada 23-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler jaýynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň jemlerini jemlemäge hem-de täze, 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan ýurduň bilim işgärleriniň maslahatynda aýdyldy.