Sag­dyn­ly­gyň we bag­ty­ýar­ly­gyň me­ka­ny bo­lan eziz Di­ýa­ry­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni hem-de spor­ty ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan asyl­ly iş­le­ri­ni do­wa­ma­ta bes­le­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da bu ul­ga­ma jem­gy­ýe­ti­mi­zi je­bis­leş­dir­ýän, hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de dost-do­gan­ly­gy ber­kid­ýän gym­mat­lyk­lar ul­ga­my hök­mün­de ga­ral­ýar. Ýur­du­myz­da ra­ýat­la­ryň sag­dyn­ly­gy­nyň bin­ýa­dy­na de­ňel­ýän köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe bi­len bir­lik­de, ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len spor­ty ös­dür­mä­ge be­ril­ýän ün­süň ne­ti­je­sin­de, türk­me­nis­tan­ly tür­gen­ler dür­li ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, ýa­şyl tu­gu­my­zy be­lent­de par­lad­ýar­lar.
«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da tür­gen­le­ri­miz ja­ha­nyň çar ýa­nyn­da gu­ra­lan hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň en­çe­me­si­ne gat­na­şyp, me­dal­la­ryň je­mi 752-si­ni ga­zan­ma­gy ba­şar­dy­lar. Mu­nuň özi 2024-nji ýyl­da, or­ta­ça ha­sap bi­len, tür­gen­le­ri­mi­ziň her gün­de hal­ka­ra ýa­ry­şyň iki me­da­ly­ny ga­za­nan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Ýe­ňiş­le­ri bi­len gö­wün­le­ri­mi­zi gal­kyn­dy­ran il­deş­le­ri­mi­ze hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gym­mat­ly ser­paý­la­ry­nyň ýa­pyl­ma­gy bol­sa sport üs­tün­lik­le­ri­niň do­wa­mat-do­wam bol­ma­gy ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­lar­dan ny­şan­dyr. Wa­ta­ny­myz soň­ky ýyl­lar­da hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny iler­led­ýän hem-de ab­raý­ly ýa­ryş­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän ýe­ri hök­mün­de-de uly ab­ra­ýa eýe bol­ýar. 2024-nji ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» diý­lip yg­lan edil­me­gi, paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ten­nis top­lu­myn­da 14 ýa­şa çen­li ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da «Ash­ga­bat Open 2024» at­ly hal­ka­ra ýa­ry­şyň ge­çi­ril­me­gi, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi bu ha­ky­ka­tyň aý­dyň su­but­na­ma­la­ry­dyr.
Hä­zir­ki gün­ler­de tür­gen­le­ri­miz spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra iş­jeň taý­ýar­lyk gör­ýär­ler. Paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky döw­re­bap sport top­lu­my­nyň des­ga­la­ry türk­men tür­gen­le­ri­ne ab­raý­ly ýa­ryş­la­ra taý­ýar­lan­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şyk­la­ry­nyň bir bö­le­gi­niň da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­me­gi tür­gen­le­re has-da kä­mil­leş­mä­ge, tej­ri­be alyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­si ha­sap­lan­ýan spor­ta aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Şu ýy­lyň ba­şyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Mo­na­ko Knýaz­ly­gy­na sa­par bi­len ug­ra­ma­gy­nyň öň ýa­nyn­da ýur­du­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len bo­lan söh­bet­deş­li­gin­de 2025-nji ýyl­da Mo­na­ko­nyň «Dün­ýä­niň sport paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edi­len­di­gi­ni, Türk­me­nis­tan­da bol­sa bu ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip at­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny bel­läp, spor­tuň Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy ber­kit­mek­dä­ki or­nu­na üns çek­me­gi hem ýat­la­nyl­ma­ga my­na­syp­dyr.

Dur­dy BAÝ­MU­HAM­ME­DOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.