6-njy martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek barada Permana gol çekdi.
Permana laýyklykda, ýurduň ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle-de Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, 2026-njy ýylyň 8-nji martyndaky dynç güni 9-njy marta — duşenbe gününe geçirildi.
Bu resminamanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmegini gazanmak bellenildi.