19-njy martda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Aşgabatda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatynyň çäklerinde, onuň esasy meseleleriniň giňden wagyz etmek maksady bilen halypa sapagy geçirildi. Dilçi ýaşlaryň gyzyklanmasyny ýokarlandyrylan bu sapakda Gahryman Arkadagymyz eden çykyşyny ylmy taýdan düşündirip, forumda ara alnyp maslahatlaşylan bäş esasy sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk ugry beýan edildi.
Talyplar ykdysadyýet, ulag, energetika, ekologiýa we sosial ulgamda sebitara gatnaşyklaryň ähmiýeti barada sowallaryna görkezilen wideo we sanly maglumatlar arkaly jogaplary aldylar.
19-njy martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeginden onlarça myhman Aşgabada gelipdi. Halkara maslahatyň işine ak pata bermek we esasy beýannama bilen çykyş etmek üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen söz berildi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň düzmelidigini, islendik iri ykdysady, infrastruktura, söwda we maýa goýum taslamalarynyň diňe durnuklylyk hem-de birek-birege ynam bolan ýagdaýynda üstünlikli bolup biljekdigini nygtady.