“Dassault” kompaniýasy döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kiçi göwrümli täze uçaryny tanyşdyrdy. “Falcon 10X” atly uçar 7 müň 500 deňiz mili aralygy düşlemezden geçip bilýär. Bu bolsa, howa gämisiniň Nýu Ýorkdan Şanhaýa ýa-da Los Anjelesden Sidneýe çenli uçup biljekdigini aňladýar. Kompanýanyň ýolbaşçysy Erik Trappier täjirçilik maksatly awiasiýa täze ölçegleri girizýändiklerini, “Falcon 10X”-iň gysga we uzak aralyga uçmakda bäsdeşsiz boljakdygyny aýtdy. Ähli görkezijiler babatda öňdeligi eýelejek “Falcon 10X” 2025-nji ýylyň ahyrynda satuwa taýýar bolar.

Uçar içki dizaýny babatda hem bäsdeşlerinden tapawutlanar. Howa gämisiniň içinde deň ölçegde dört sany kabina bolar. Ony nahar iýilýän otaga, maslahat zalyna ýa-da giň ekranly güýmenje merkezine hem öwrüp bolar. Kabinanyň beýikligi 2,03 metre, ini 2,77 metre deň bolar. Uçar işlän wagty sessizligi bilen hem tapawutlanar. “Falcon 10X”-yň penjireleri häzirki “Falcon 8X” modelinden 50 göterim giň bolar.

Agramy azaldylar

Ýörite materiallardan öndüriljek uçar ozalky modellerden has ýeňil bolar. Uçar dizaýn edilende tizligi we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin in-boý ölçegi hem göz öňünde tutulypdyr. Uçara häzirki wagtda işlenip taýýarlanýan “Rolls Royce Pearl 10X” aty hereketlendiriji oturdylar. “Rolls Royce” uçar motorlaryny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy hasaplanýar.