Çärýek finalyň jogap oýunlarynyň iň çekeleşiklisi Münhende hasaba alyndy. UEFA-nyň ýaryşlarynda özara iň köp duşuşan 2 toparyň – “Bawariýa” bilen “Real Madridiň” 30-njy duşuşygynda ýeňiş nemes toparynyň tarapynda boldy. Yzly-yzyna 2 gezek garşydaşyny ýeňen “Bawariýa” topary “Real Madrid” bilen deňleşdi. Ýagny indi 2 toparyňam 13 ýeňşi bolup, 4 duşuşyk hem deňlikde tamamlanypdy.
Madridden 2-1 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Bawariýa” öz meýdançasynda ýeňil duşuşyk garaşanokdy. Bu hut şeýle hem boldy. Eýýäm 35-nji sekuntda Arda Güler 38 metr uzak aralykdan topy boş derwezä gönükdirip, hasaby açdy. Arda Güleriň bu goly şu möwsümiň, şol sanda “Real Madridiň” şu ýaryşdaky iň çalt goly hökmünde hasaba alyndy. Bu gola ýer eýeleri 5 minutdan soň Pawlowiçiň goly bilen jogap berdi. 29-njy minutda Arda Güler bu gezek jerime urgusyndan owadan gol geçirip, toparyny 2-nji gezek öňe saýlady. 38-nji minutda Harri Keýn tapawutlanyp, şu möwsümdäki ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 50-nji goluny derwezä girizdi.
Duşuşygyň 42-nji minutynda Kilian Mbappe “Realy” 3-2 hasabynda öňe geçirdi. Bu onuň Çempionlar Ligasy boýunça şu möwsümdäki 15-nji, umumylykda-da 70-nji goly boldy. Ol 70 gola ýeten iň ýaş, şol sanda 5-nji futbolçy diýlip bellige alyndy. Fransiýaly ýyldyz oýunçy 70 gola iň çalt ýeten 3-nji futbolçy bolup 98 oýunda), ondan öňde Lionel Messi (90 oýunda) bilen Robert Lewandowski (93 oýunda) bar. Şeýle-de, Mbappeniň şu möwsümde UÇL-de myhmançylykdaky oýunlarda 10-njy goluny geçirip, ol bir möwsümde bu görkezijä ýeten ilkinji futbolçy boldy. Bu gol bilen duşuşykdaky umumy hasap 3-nji gezek deňlendi.
Ýöne duşuşygyň 86-njy minutynda “Realdan” oýna soň goşulan Eduar Kamawinganyň gereksiz hereketi üçin 8 minutyň dowamynda 2-nji sary we netijede gyzyl kart almagy madridlileriň bar taktikasyny bozdy oturyberdi. 89-njy minutda Luis Diaz “Bawariýany” 2 oýnuň netijesi boýunça öňe geçiren goly derwezä girizdi. 90+4-nji minutda bolsa Olise oýna soňky nokady goýdy we “Bawariýa” duşuşykda 4-3, umumylykda 6-4 hasabynda ýeňşini baýram etdi. “Bawariýa” topary 14-nji gezek ýarym finala çykyp, bu ugurda “Real Madride” golaýlady (17).
PDF









