14-16-njy aprel aralygynda paýtagtymyzda geçirilen «Turkmentravel 2026» halkara sergisinde Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri türkmenistanly dalaşgärler üçin niýetlenen ýokary bilim mümkinçiliklerini we akademiki maksatnamalary öz içine alýan milli pawilýony hödürlediler. Sergä gatnaşyjylar Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň hödürleýän bilim maksatnamalary, talyp haklary we halkara ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Diller dünýäsi» dil merkezine baryp, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen duşuşdylar. Duşuşyk dostlukly ýagdaýda geçip, pikir alyşmak we tejribe paýlaşmak üçin giň mümkinçilik döretdi.
Talyplar Malaýziýada bilim almak mümkinçilikleri, talyp durmuşy we halkara maksatnamalar barada özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler. Myhmanlar bolsa bilim ulgamyndaky häzirki zaman meýilleri barada pikirlerini aýdyp, globallaşma döwründe daşary ýurt dillerini bilmegiň ähmiýetini aýratyn nygtap geçdiler.
Duşuşykda çykyş eden “Petronas” kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň menejeri Tajul Ariffin Bin Şamsuddin myhmansöýerlik üçin hoşallygyny bildirip:
– Biz üçin Türkmenistanda bolmak we şeýle yhlasly, zehinli ýaşlar bilen duşuşmak uly hormatdyr. «Turkmen Travel 2026» halkara sergisine gatnaşmak hem-de «Diller dünýäsi» dil merkezine sapar etmek talyplar üçin täze mümkinçilikleri açýar we Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam edýär. Biz ýaşlaryň dil öwrenmäge bolan gyzyklanmasyndan we halkara ösüşe bolan ymtylyşyndan ruhlanýarys-diýdi.
Bu sapar bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklap, ýaşlary birleşdirmekde we olaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde möhüm orun eýeleýändigini görkezdi.