Ot bi­len iý­mit­len­ýän haý­wan­lar bi­len aw edip iý­mit­len­ýän (ýyr­ty­jy) haý­wa­ny ta­pa­wut­lan­dyr­mak kyn däl. Ýyr­ty­jy haý­wan­la­ryň göz­le­ri awu­ny gör­mek üçin, kel­le­si­niň öň ta­ra­pyn­da ýer­leş­ýär, ot­la­ýan bol­sa duş­man­dan hüş­gär bol­mak üçin kel­le­si­niň iki gap­da­lyn­da ýer­leş­ýär.
At­lar, bir aý tö­we­re­gi aýak üs­tün­de du­rup bil­ýär­ler.
Bir ki­log­ram bal top­la­mak üçin ba­la­ry 2 mil­li­on­dan gow­rak gü­le gon­ma­ly bol­ýar.
Ýar­ga­nat uçup bil­ýän ýe­ke-täk süý­dem­di­ri­ji­dir. Gün­di­zi­ne gö­rüp bil­me­ýän ýar­ga­nat­lar, ga­raň­ky gi­je­de in­çe ýü­pi hem saý­ga­ryp bil­ýär.
Pol­ýar aýy­la­ry sa­gat­da 40 ki­lo­metr tiz­lik bi­len yl­gap bil­ýär­ler. Ola­ryň ag­ra­my 725 ki­log­ram, bo­ýy bol­sa 3,5 met­re ýet­ýär.
Dün­ýä­de iň ki­çi we ýö­räp bil­me­ýän guş ha­sap­lan­ýan ko­lib­ri, göw­re­si­niň şol bir dur­şu­ny sak­lap, aşak-ýo­kar­ly­gy­na, gap­dal­ly­gy­na, hat­da yz­ly­gy­na hem uçup bil­ýär.
Bir kör­sy­çan bir sa­gat­da uzyn­ly­gy 45 met­re ýet­ýän çu­kur ga­zyp bil­ýär.
Ada­ty kör­sy­çan ber­daş­ly ga­zy­jy­dyr. Ol bir sa­gat­da 15 metr, bir gi­je­de 76 metr hin köw­ýär.
Gök ki­tiň se­si aty­lan agyr to­puň se­sin­den ýa-da bol­ma­sa gö­ge gal­ýan ra­ke­ta­nyň gür­rül­di­sin­den hem güýç­lü­dir. Onuň uzyn­ly­gy 33 met­re ýet­ýär, ag­ra­my bol­sa 150 ton­na­dan hem ge­çip bil­ýär.
Pi­liň bur­nun­da 50 mü­ňe go­laý myş­sa bar. Pil, bur­ny bi­len ul­la­kan bir agaç bö­le­gi­ni gal­dy­ryp, ýe­re ga­çan no­hut dä­ne­ji­gi­ni hem alyp bil­ýär.
Dün­ýä­niň iň ýyn­dam haý­wa­ny leo­pard. Leo­par­dyň tiz­li­gi sa­gat­da 100 ki­lo­met­re ba­ra­bar.
Suw­suz­ly­ga çy­dam­ly haý­wan­la­ryň için­de ta­nal­ýan dü­ýä­niň hem bäs­de­şi bar. Sy­çan­lar dü­ýe­ler­den-de hem uzak wagt suw­suz ýa­şap bil­ýär­ler.
Si­ňek­le­riň ýü­re­gi mi­nut­da 15 ge­zek ur­ýar. Adam­la­ryň ýü­re­gi mi­nut­da 60-80 ge­zek ur­ýan­dy­gy­ny göz öňü­ne tut­saň, si­ňek­ler diý­seň how­sa­la­ly gö­rün­ýär.
Dün­ýä­de iň çuň­lu­gy­na ýü­züp bil­ýän guş­lar im­pe­ra­tor pin­gi­win­ler­dir. Iý­mä­ne zat göz­län wag­tyn­da, 255 metr çuň­lu­gy­na çü­müp bil­ýän ping­win­ler, çuň­luk­da tak­my­nan 18 mi­nut kis­lo­rod­syz ga­lyp bil­ýär­ler.
Ga­ryn­ja­lar öz agyr­ly­gy­nyň 50 gat es­se­si uly bo­lan agyr­ly­gy gal­dy­ryp bil­ýär. Ga­ryn­ja­nyň beý­ni­si Ýer ýü­zün­dä­ki jan­dar­la­ryň için­de, göw­re­si­ne ga­ra­nyň­da, iň ulu­sy­dyr.
Iň ça­la­syn ba­lyk or­ki­nos­dyr (ýy­ly de­ňiz­ler­de ýa­şa­ýan uly ýyr­ty­jy jan­dar), sa­gat­da tak­my­nan 90 km tiz­lik­de ýü­züp bil­ýär.
Iň köp muk­dar­da ýu­murt­ga taş­la­ýan ba­lyk gü­neş ba­ly­gy­dyr. Bu ba­lyk­lar 1 ge­zek­de 30 mil­lio­na ba­ra­bar ýu­murt­ga taş­lap bil­ýär­ler.

In­ter­net mag­lu­mat­la­ry esa­syn­da taý­ýar­lan We­pa PI­ROW, Ho­jam­baz et­ra­by­nyň 5-nji or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.