Hazar deňziniň demirgazyk böleginde, Kulaly adasynyň golaýynda suwuň derejesiniň peselmegi netijesinde täze gury ýer meýdanlary peýda boldy. Bu barada Gazagystanyň Ekologiýa we tebigy serişdeler ministrligine salgylanmak bilen «Kazinform» habarlar gullugy habar berýär.

Gazagystanyň Hazar deňzi institutynyň hünärmenleri 2021-2026-njy ýyllaryň emeli hemra suratlaryny seljerdiler. Munuň netijesinde, Rybaçy ýarym adasynyň günbatarynda we Düwlen arhipelagyna girýän Kulaly adasynyň gündogarynda täze gury ýer meýdanlary ýüze çykaryldy. Ýüze çykan adalaryň meýdanynyň takyk ululygy häzirlikçe kesgitlenmedi.

Ministrligiň maglumatlaryna görä, deňiz düýbüniň açylmagy birnäçe ýylyň dowamynda Hazaryň suwunyň azalmagy bilen baglylykda dowam etdi. Kulaly gidrologik postunyň maglumatlaryna görä, syn edilýän döwürde deňziň derejesi yzygiderli peseldi. Netijede, 2026-njy ýylyň iýul aýynda suwuň ortaça derejesi Baltika beýiklik ulgamy boýunça minus 29,42 metre deň boldy. Şol bir wagtda 2026-njy ýylyň emeli hemra suratlary öňki ýyl bilen deňeşdirilende, uly üýtgeşmeleriň ýokdugyny görkezdi.