Sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň peý­da­ly en­dik­di­gi hem­mä mä­lim­dir. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan adam ru­hy we fi­zi­ki taý­dan sag­dyn bol­ýar. Şeý­le hem sport ada­myň göw­nü­ni gö­ter­ýär. Eý­sem, nä­hi­li ýy­gy­lyk­da sport ýa-da maşk bi­len meş­gul­lan­ma­ly? Bi­ler­men­ler fi­zi­ki he­re­ke­tiň be­de­ne ag­ram sal­maz­ly­gy­ny hem-de ara­syn­da be­de­niň myş­sa­la­ry­na dynç be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Şol se­bäp­li be­de­ne ag­ram sal­ýan maşk­lar bi­len her gün meş­gul­lan­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Maşk edi­len­de, ara gün sal­ma­gyň has dog­ry bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Maşk edil­män ge­çi­ri­len gün­de be­de­niň myş­sa­la­ry dynç al­ýar we be­den özü­ni tä­ze­le­ýär.
Bi­ler­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, maşk yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­se has go­wy ne­ti­je be­rer. Hep­de­de nä­çe gün maşk edil­me­li­di­gi her adam üçin be­de­ni­niň gur­lu­şy­na we çy­dam­ly­ly­gy­na gö­rä üýt­ge­ýär. Hep­de­de or­ta­ça 3 gün sport bi­len meş­gul­lan­mak sag­dyn adam üçin ýe­ter­lik ha­sap­lan­ýar.

Sa­pa BEG­LI­ÝEW,
Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.