Mundan 10 ýyl ozal ssenarisi ussat aktýor Jon Malkowiç tarapyndan ýazylan we tanymal režissýor Robert Rodrigesiň surata düşüren “100 ýyl” (100 Years) atly ylmy-fantastik eksperimental gysga göwrümli filmine 100 ýyllap hiç kim tomaşa edip bilmez. Häzirki wagtda 90 ýyly galan film 2015-nji ýylda ekranlaşdyrylypdy we ýörite ok geçirmeýän guta ýerleşdirilipdi. Şol guty 2115-nji ýylyň 18-nji noýabryna çenli açylmaz ýaly edip goýuldy. Wagty-sagady gelende, gutynyň özi awtomatik ýagdaýda açylar we şondan soň halk köpçüliginiň dykgatyna ýetiriler.
“Hiç haçan tomaşa edip bilmersiň” şygary bolan filmiň 3 sany gysgajyk tizer görnüşdäki treýleri bar hem bolsa kinonyň esasy näme baradadygy ýaşrynlykda saklanýar.
Filmde Jon Malkowiç, hytaýly aktrisa Şuýa Çan hem-de çilili aktýor Marko Saror dagy surata düşdi
 PDF
 PDF 
		

 
                         