9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.
Paýtagtymyzdan ugur alan hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan soňra, Duşenbe şäheriniň sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Döwlet Baştutanymyzy Täjigistanyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitiniň geçirilýän ýerine — Kabul edişlikler köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri hem gatnaşdylar.
Prezident Emomali Rahmon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Täjigistana gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň döwlet Baştutanlarynyň şu gezekki ikinji duşuşygynyň geçirilmeginiň şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasa geçýändigini görkezýändigini belledi. Munuň özi kanunalaýykdyr. Merkezi Aziýa we Russiýa diňe bir giň geografik giňişligi emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilen hem baglanyşandyr. Hut şeýle şertleriň jemi biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçiliklerini häzirki wagtda, şeýle hem uzak möhletleýin geljekde ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin berk esas bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Merkezi Aziýada durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak babatda bilelikdäki işimiz ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu ulgamda sebitiň ýurtlarynyň, şeýle-de Russiýanyň baý tejribe toplandyklaryna, daşary syýasat edaralarynyň, beýleki edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geňeşmeleriň yzygiderli geçirilýändigine ünsi çekdi. Häzirki wagtda olaryň gün tertibine täze wehimlerdir howplara garşy tagallalary utgaşdyrmak, şol sanda maglumat we biologik howpsuzlygy, ýurtlarymyzyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça meseleler girizilýär. Bular örän möhüm bolup, biz olary esas goýujy gymmatlyklarymyza, däplerimize, taryhy tejribä esaslanyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bilelikde çözýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny, utgaşdyrylmagyny dünýä giňişliginde umumy wezipeleriň esasylarynyň hatarynda görkezdi. Şunda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny goramak, BMG-niň ornuny hem-de abraýyny pugtalandyrmak, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ählumumy howpsuzlygyň arhitekturasyny gorap saklamak meselelerinde bilelikde tagalla etmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz halkara gatnaşyklarda özara hormat goýmak dialogynyň medeniýetini, açyklygy we ynanyşmagy gaýtadan dikeltmegiň wajypdygyny belläp, bu wezipeleriň häzirki wagtda çylşyrymly bolandygyna garamazdan, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýanyň bilelikde bu maksatlary gazanmaga ep-esli täsir edip biljekdigine ynam bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny hem-de işjeňleşdirilmegini hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hasaplaýar. Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalaryň başy başlandy. Ulag ulgamy bu gün aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň çäklerinden geçýän ygtybarly, durnukly, netijeli logistika ulgamynyň döredilmegi bu ugurda bilelikdäki hereketleriň esasy maksadydyr. Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň döredilmeginiň uly mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýar. Bu ulag geçelgesi ähli gatnaşyjylara uly peýda getirer. Şol bir wagtyň özünde oňa iri Ýewraziýa ulag taslamasynyň bir bölegi hökmünde seretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Hazar deňziniň üsti arkaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasynda göni ulag gatnawlaryny ýola goýmak üçin Hazar ulag-logistika merkeziniň ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmenistan şu maksatlar üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, şunda ýurdumyzyň elektroenergetika aýratyn üns berýändigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň çägi boýunça elektrik energiýasyny ibermek, şeýle hem goňşy ýurtlara we sebitlere, ilkinji nobatda, günorta ugra çykmak meselesine seretmegi teklip etdi. Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak babatda-da has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyr. Döwlet Baştutanymyz şu barada aýdyp, ýurtlarymyzyň bilelikde toplan, şeýle-de täze tejribeleriniň, ylmy-tehniki gazananlarynyň esasynda birek-birege teklip edip biljek zatlarynyň bardygyna ynam bildirdi.
Innowasion ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýäris. Munuň özi içerki ösüş we halkara giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. Russiýanyň tehnologiýalar we innowasiýalar babatda giň halkara kooperasiýa gönükdirilen strategik ugruna ýokary baha berýäris. Biziň formatymyzda hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýarys. Häzirki wagtda innowasion ösüş Türkmenistan üçin milli ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmegiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolup çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň özara bähbitlilik esasynda senagat pudagyna, oba hojalyk toplumyna, şähergurluşyk, “akylly” şäherleri gurmak ulgamlaryna hyzmatdaşlaryň innowasion mümkinçiliklerini çekmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Ekologik deňagramlylygyň üpjün edilmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň bilelikde köp meseleleri çözmeli ugurlarynyň biridir. Hazar deňziniň suw derejesiniň pese düşmegi, Araly halas etmek, senagatda we oba hojalygynda howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak çäreleri, daşky gurşawa zyňyndylary azaltmak bilen baglanyşykly meseleler hem-de beýlekiler şolaryň hataryndadyr.
Şu ýyl biziň ýurtlarymyz üçin aýratyn many-mazmuna eýedir. Biz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyny bilelikde belläp geçdik. Bu waka hemişe halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän berk binýatdyr. Biz döwletara gatnaşyklarymyzda umumy taryhy mirasymyza, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, deňhukuklylyk taglymlaryna ygrarlylygymyza esaslanýarys, hemişe olaryň mizemez gymmatlyklardygyny tekrarlaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda ynsanperwer, ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösdürilmegi möhüm bolup durýar. Bu gatnaşyklar hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrýar, geljek üçin berk esasy döredýär, ýurtlarymyzyň halklarynda, şol sanda ýaşlarda birek-birege hormat goýmagy terbiýeleýär. Biz bu oňyn meýilleri goldamalydyrys we höweslendirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” ýaly hyzmatdaşlyk formatynyň möhümdigine, onuň uly kuwwatynyň bardygyna berk ynanýandygyny tassyklady.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet Baştutanymyza çuň manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, çykyşda beýan edilen teklipleriň ähmiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.