“Halkara Pul gaznasy Gruziýanyň 2031-nji ýyla çenli ortaça ýyllyk ykdysady ösüşiniň 5,4 göterime ýetjekdigini çaklaýar, bu Ýewropada iň ýokary görkezijidir” diýip, ýurduň Hökümet başlygy Irakliý Kobahidze “Imedi” teleýaýlymynda çykyşynda habar berdi.
Premýer-ministriň sözlerine görä, bu ykdysady ösüşe ýurduň üstaşyr geçirijilik işiniň hem-de giň göwrümli infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylýan ýeri bolan Orta geçelgäniň ösüşi ýardam berýär.
Kobahidze HPG-niň geçen ýyllardaky çaklamalarynyň diňe iş ýüzünde amala aşyrylman, eýsem, garaşylanyndan has ýokary öňegidişlikleriň gazanylandygyny belledi. “Biz her ýyl Halkara Pul gaznasynyň çaklamasyny diňe bir amala aşyrman, has ýokary netijeleri hem gazandyk. Biz bu däbi geljek ýyllarda-da dowam edip bileris diýip umyt edýärin” diýip, Gruziýanyň Hökümet başlygy nygtady.
Esasy Dünýä täzelikleri HPG Gruziýanyň Ýewropada ykdysady ösüşiň iň ýokary depginini görkezjekdigini çaklaýar
PDF









