Şweýsariýanyň dünýä belli kaşaň sagat öndürijisi «Hublot» täze «Big Bang Reloaded» kolleksiýasyny tanyşdyryp, sungat, saz we sport arkaly döreýän duýgulary öz önümlerinde jemleýär. Kompaniýanyň baş direktory Žülýen Tornaryň belleýşi ýaly, bary-ýogy 45 ýyllyk taryhy bolan brend däp bolan usullardan daşlaşyp, häzirki zaman materiallary we täzeçil dizaýnlary bilen sagat önümçiliginiň bazarynda öz ornuny berkidýär. 1980-nji ýylda döredilen «Hublot» sagady diňe bir ýaşlara däl, eýsem, täzeçillige teşne bolan dürli ýaşdaky müşderilere geljegiň täze sagat görnüşlerini hödürleýär.
Brendiň halkara abraýynyň artmagynda dünýä belli sport ýyldyzlarynyň orny örän uludyr. Ýamaýkaly meşhur ýeňil atletikaçy Huseýn Bolt we portugaliýaly rowaýaty futbolçy Luiş Figu ýaly ýyldyzlar «Hublot»-yň ilçileri hökmünde çykyş edip, wagtyň we tizligiň ähmiýetini öz durmuş tejribeleri arkaly beýan edýärler. Hususan-da, Huseýn Bolduň dünýä rekordyny goýan sport aýakgaplaryndan peýdalanyp ýasalan ilkinji «Big Bang» sagady brendiň döredijilik ukybynyň aýdyň mysalydyr. Bu günki gün «Hublot» sportuň we sungatyň ruhuny özünde saklaýan dizaýnlary bilen kaşaňlyk dünýäsinde täze tapgyry açýar.
PDF









