Ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmekde adam hukuklarynyň üpjün edilmegine iňňän möhüm orun degişlidir. Jemgyýetiň ösüşi demokratik ýörelgeler, adam hukuklaryny giňeltmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Döwletimiz şahsyýetiň erkin ösmegi üçin ähli şertleri döretmek bilen, dünýäde özüni demokratik jemgyýeti ösdürýän döwlet hökmünde tanatdy. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy şu esaslarda yzygiderli kämilleşdirilýär. Biziň Esasy Kanunymyz döwletliligiň, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň ygtybarly binýadydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda adamyň we raýatyň halkara hukugynyň iň ýokary ölçeglerine laýyk gelýän, umumy ykrar edilen hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa geçirmegiň berk hukuk binýady döredildi. Häzirki döwürde ýurdumyz ençeme halkara şertnamalara we ylalaşyklarna gatnaşyjy bolup durýar, olar ýurduň adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň, durmuş-ykdysady we ynsanperwer meselelerini çözmegiň halkara hukuk esasyny emele getirýär. Olaryň hatarynda Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy, Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara Ylalaşygy hem-de Ykdysady durmuş we medeni hukuklar hakyndaky halkara Ylalaşygy ýaly adam hukuklary babatynda esas goýujy halkara resminamalary bar. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň 25-nji maddasynda «Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de şu Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär» diýlip bellenilýär.
Ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigini alamatlandyrýan kanunçylyk ulgamynyň barha pugtalandyrylmagy raýatyň we adamyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň ýokary derejede üpjün edilmegini şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiz adam hukuklary we azatlyklary babatda döwletimiziň gatnaşýan esasy halkara şertnamalarynyň kadalarynyň milli kanunçylyga işjeň ornaşdyrylmagy, ýurduň bu babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegi baradaky meselelere hemişe uly ähmiýet berýär. Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň doly berjaý edilýän ýurdunda bagtyýar durmuş üpjün edilýär.
Esasy Kanunymyzyň 1-nji maddasyna laýyklykda, döwlet kanunylygy we hukuk tertibini üpjün edýär. Kanunylygyň durmuş maksady bolsa jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny berkitmäge hem-de ösdürmäge ýardam bermekden, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň maksatlaryna ýetmegi üpjün etmekden ybaratdyr. Kanunylyk halkyň bähbitlerini goramagyň, hakyky demokratiýanyň dabaralanmagynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Kanunylyk döwletde hukuk kadalarynyň takyk, gyşarnyksyz we birmeňzeş berjaý edilmeginden ybarat döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ýörelgesini aňladýar. Şonuň üçin ol fiziki şahslaryň hereketiniň we ýuridik şahslaryň işiniň, şeýle-de hukugyň subýektleriniň arasyndaky islendik gatnaşyklaryň kanunylygyny üpjün etmegiň guraly bolup çykyş edýär.
Häzirki zaman şertlerinde kanunylygy üpjün etmek bilen baglanyşykly kanunçylygy kämilleşdirmek we bu ugurda hukuk gatnaşyklaryny ösdürmek wajyp meseleleriň biridir. Şundan ugur alnyp, Prezident Maksatnamasynda kanunçylygy kämilleşdirmek arkaly, milli we halkara bähbitlere laýyk gelýän kanunylygy üpjün etmek babatda amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli syýasata mynasyp orun berildi.
Gülnara ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.