Hytaý syýahatçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen wizasyz syýahat hödürleýän ýurtlarynyň sanyny 74-e çykardy. Hytaýyň Milli migrasiýa edarasy daşary ýurt raýatlaryna 30 güne çenli ýurtda bolmaga mümkinçilik döredýär. Şeýle mümkinçilik 2023-nji ýylyň ahyrynda Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Ispaniýa we Malaýziýa döwletleriniň raýatlaryna hödürlenipdi. Soňra bolsa tas bütin Ýewropa ýurtlary, şeýle hem Günorta Amerika, Ýakyn Gündogar we Aziýanyň birnäçe ýurdy bu sanawa goşuldy. 16-njy iýuldan başlap bolsa, Azerbaýjan hem bu sanawa giriziler. Bulardan başga-da, käbir ýurtlaryň raýatlary üstaşyr syýahatlaryna 10 güne çenli bu ýurtda bolup bilýärler.
Migrasiýa edarasynyň habaryna görä, 2024-nji ýylda bu ýurda 20 million syýahatçy wizasyz barypdyr. Bu görkeziji umumy daşary ýurtly myhmanlaryň üçden birini emele getiripdir.