24-nji awgustda Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geldi. Myhmanlaryň saparynyň maksady Türkmenistan bilen HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň arasynda oba hojalygy, söwda-ykdysady we ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.
Hytaý wekiliýetiniň agzalary, ilki bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna baryp gördüler. Olara tehnopark barada maglumat berlip, onuň düzümi hem-de bölümlerinde ornaşdyrylan innowasion häsiýetli tehnologik gurluşlar tanyşdyryldy.
Günüň ikinji ýarymynda myhmanlaryň ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň, şol sanda Türkmenistanyň Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň ýolbaşçylary hem-de oba hojalyk toplumynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm wezipeleriň biri söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda oba hojalyk pudagynda gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Hytaýyň işewür düzümleriniň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda oba hojalyk, syýahatçylyk, söwda, marketing we ulag hyzmatlary, dürli pudaklar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary getirmek babatda oňyn tejribe toplandygyny bellemek gerek. Şunda wekiliýetleri alyşmak, iş saparlaryny, işewürlik maslahatlaryny we pudaklaýyn sergileri geçirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmen tarapy ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda kuwwatly obasenagat düzümini döretmäge, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak bilen, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we daşary ýurtlaryň iň gowy tejribelerini işjeň ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.
Şeýle hem hytaýly wekiliýetiň agzalarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de pudagyň birnäçe degişli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky duşuşygy geçirildi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy E.Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza sapary dowam edýär.
Çeşme: «Türkmenistan» gazeti
PDF







