Hytaý geçen 2024-nji ýylda, takmynan, 400 müň ozal sürlen awtoulag eksport etdi, bu bolsa geçen ýyldakydan 45% köpdür. Bu barada Ýaponiýanyň öňdebaryjy ykdysady gazet “Nikkei” habar berdi.
Hytaýyň ulanylan awtoulaglarynyň esasy alyjylary Merkezi Aziýa ýurtlary we Russiýa Federasiýasy boldy. Hususan-da, Hytaýdan ulanylýan awtoulaglaryň, takmynan, 50%-i Gyrgyzystana, Russiýa we Özbegistana eksport edildi
2023-nji ýylda Hytaý bu görkeziji boýunça Ýaponiýadan öňe geçip, täze awtoulag eksporty boýunça dünýäde birinji orny eýeläpdi. Şol döwürde jemi 4,91 million awtoulag daşary ýurda ugradyldy – bu ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 57,9% köpdür. Täze awtoulaglaryň eksportynyň şowly bolmagy, ulanylan awtoulaglara bolan islegiň hem ýokarlanmagyna itergi berýär diýip, “Nikkei” neşiri belläp geçýär.