Hytaýyň Guandun ülkesiniň Çžaosin diýen ýerinde ýurtda ilkinji wodorod bilen işleýän, 2000 müň metr tonna sygymy bolan gami suwa goýberildi. Bu ýurduň ekologiýa taýdan arassa ýangyçda işleýän uly derýa gämilerini gurmakda ilkinji üstünligini alamatlandyrýar diýip, kabar.kg habar berdi.
Hytaýyň döwlet gämigurluşyk korporasiýasynyň gatnaşmagynda Guangdong Yuntao Hydrogen Energy Technology kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “Yun Tao No 1” gämisiniň uzynlygy 70 metr, giňligi 12 metr bolup, ýüzüş uzaklygy 760 kilometre ýetýär. Gämi bir gatnawda 140 töweregi konteýneri ýa-da şonça agramda magdan, kömür we däne ýaly ýükleri daşap bilýär.
“YunTao Hydrogen Tech” kompaniýasynyň wise-prezidenti Suý Saýýuýyň sözlerine görä, gämi tutuşlygyna ýerli önüm öndürijiler tarapyndan döredilen ýangyçda we tehnologiýalarda işlemek bilen, energiýany “akylly” dolandyrmak ulgamy bilen üpjün edilendir. Ýagny köp derejeli gorag ulgamy kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny düýbünden aradan aýyrmaga, ýangyjyň tygşytlanmagyna mümkinçilik berýär.
PDF









