5-nji martda Halk wekilleriniň ählihalk ýygnagy (iň ýokary kanun çykaryjy gurama), 11-nji marta çenli dowam etjek 14-nji çagyryşyň 2-nji mejlisini açyk diýip yglan etdi. Dabara Pekiniň Halk maslahaty öýünde geçirildi. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berdi. Bu gezek paýtagt Pekinde geçirilýän maslahata 2 müň 956 deputat gatnaşýar.
Sessiýanyň gün tertibi ýedi maddany öz içine alýar. Ilki bilen, kanun çykaryjylar Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Çiangyň hökümetiniň alyp barýan işleri we 2023-nji ýyldaky durmuş-ykdysady ösüş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatyny diňlediler. Şeýle hem, olar 2024-nji ýyldaky degişli taslama, 2023-nji ýyl üçin merkezi we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat we olaryň şu ýylky taslamasy bilen tanyşdylar.
Mundan başga-da, Halk wekilleriniň ählihalk ýygnagynyň agzalary HHR-iň Döwlet Geňeşiniň guramasy baradaky kanuna üýtgetmeler girizmek üçin HWÄÝ-nyň Hemişelik komitetiniň teklibine garamakçy. Basym HWÄÝ-nyň Hemişelik komitetiniň, Ýokary Halk kazyýetiniň we Ýokary Halk prokuraturasynyň işi barada hasabatlar hödürlener.
Kanun çykaryjylar döwrebaplaşdyryş, täze ýokary hilli öndürijilik güýçlerini ösdürmek, iş üpjünçiligi, halkara söwda we maýa goýum taslamalary, şol sanda “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy, şeýle hem ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösüşi we sosial üpjünçilik maksatnamasy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.
Halk wekilleriniň ählihalk ýygnagynyň sessiýasy her ýyl Pekinde geçirilýär, şol bir wagtyň özünde ýurduň iň ýokary geňeş guramasy bolan Hytaý halk syýasy geňeşiniň maslahaty bilen bir wagtda geçirilýär. Bu maslahat HHR-de iň möhüm syýasy wakalaryň biridir. Hepdäniň dowamynda häkimiýetiň wekilleri içerki we daşarky milli strategiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler babatda ylalaşarlar. Munuň netijesinde ýüze çykarylan hakykatlar nazara alnyp, döwletiň syýasy ugry kesgitlener.