Dünýäniň iň garry adamy Mariýa Branýas Morera 4-nji martda 117 ýaş toýuny belledi. Häzirki wagtda Ispaniýada ýaşaýan Morera 1907-nji ýylyň 4-nji martynda ABŞ-nyň San-Fransisko şäherinde dünýä inipdir. Geçen ýylyň 17-nji ýanwarynda fransiýaly Lýusil Randonyň 118 ýaşynda aradan çykmagy bilen Morera dünýäniň iň uly ýaşly adamy bolupdy. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alnan Morera doglan güni barada jemgyýetçilik torundaky akkaundynda mälim etdi. Ol öz akkaundynda: «Ertiriň haýyrly bolsun dünýä. Şu gün 117 ýaşadym. Şu ýere çenli geldim!» diýip ýazdy.
Uzak ýaşamagyň syrynyň şowlulyga, gowy genetika baglydygyny belleýän Morera, galyberse-de uzak ýaşamagy tertip-düzgün, rahatlyk, maşgala we dostlaryň bilen gowy gatnaşyk, tebigata ýakyn bolmak, duýgy taýdan durnukly, aladasyzlyk, puşman etmezlik ýaly häsiýetler bilen baglanyşdyrýar.
Ahmet REJEPOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.
PDF









