Hytaýyň taryhy Sian şäherinde Londonyň “Heatherwick Studio” binagärlik edarasy tarapyndan Sian agajy (Xi’an Tree) atly dik seýilgäh ýa-da synlaýyş meýdançasy açyldy. Gülýapraklary ýada salýan kaşaň eýwanly we agaç görnüşinde ýerine ýetirilen diň bu ýere gelýänlerde panoramik görnüşlerden lezzet almaga mümkinçilik döredýär” diýip, “New Atlas” web saýty habar berýär.
Sian agajynyň (Xi’an Tree) beýikligi 57 metre deň. Onuň 56 eýwany we egrem-bugram görnüşli baglary bar. Seýilgäh üçin saýlanyp alnan ösümlikler Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky dag tundrasyndan gurak düzlüklere çenli tebigatyň köpdürlüligini görkezýär. Binanyň iň ýokarsynda bolsa bag ýerleşýär.
“Botanika bagynda bolşy ýaly, her bölümde ösümlikleriň özboluşly görnüşlerini görmek bolýar, olaryň köpüsine siz ozal duş gelen dälsiňiz. Aşakdaky eýwanlarda gezip ýören pyýadalaryň has ýokarsyndan, Sian şäheriniň täze we köne medeniýetleriniň utgaşmasyna syn edip bilersiňiz” diýip, “Heatherwick Studio” ýazýar.
Agaç şekilindäki bu seýilgäh şeýle-de onuň tutuş daş-töwereginiň dizaýny Sian şäherindäki meşhur terrakota goşunyndan – miladydan öň 210-209-njy ýyllarda döredilip, gömlüp galan hytaý esgerleriniň we olaryň atlarynyň müňlerçe heýkelinden täsirlenip döredildi. Gurluşyk wagtynda “Heatherwick Studio” edarasy 100 müňden gowrak keramiki plitalar taýýarlan ýerli ussalar bilen hyzmatdaşlyk etdi. Şeýle hem dizaýnda adaty hytaý ybadathanalarynyň üçeklerini ýada salýan aýratynlyklar göze ilýär.
Taslamanyň düzüminde seýilgähden başga-da, ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri, açyk meýdançalar, ofisler, myhmanhana toplumlary, şeýle-de köp sanly ýanaşyk seýilgähler we pyýada ýodajyklary bar. Bu taslama, Nýu-Ýorkdaky “Little Island”-dan soň “Heatherwick” studiýasy tarapyndan döredilen iň uly seýilgähleriň biridir. Mundan öň binagärlik edarasy Tokionyň merkezinde täze etrap gurupdy.