ABŞ-nyň daşyndaky ilkinji zawodyny Hytaýda açan “Tesla” kompaniýasy bu ýurtda batareýa önümçilik desgasyny hem gurar. Şanhaýda guruljak zawodda her ýylda “Megapack” atly 10 müň batareýa öndüriler. Bu batareýalar adaty elektrik torunyň kadaly işlemegini we kesilmeginiň öňüniň alynmagyny üpjün edýär. Äpet batareýalar elektrik energiýasynyň gereginden artyk öndürilen wagty zarýad alýar, köp isleg bolan wagty tory energiýa bilen üpjün edýär.
Häzirki wagtda kompaniýanyň Şanhaý şäherindäki zawodynda “Model 3” elektroulaglary öndürilýär.
“Tesla”-nyň Kaliforniýada her ýylda 10 müň batareýa öndürýän “Megapack” zawody bar.
Dünýäniň iň uly elektroulag bazary bolan Hytaý şol bir wagtyň özünde “Tesla”-nyň önümçiligini artdyrmagyna hem-de ulaglaryň bahasyny arzanlatmagyna mümkinçilik berýän batareýalaryň hem iň köp öndürilýän ýurdy.
2019-njy ýylda Şanhaýda açylan zawodda häzirki wagtda hepdede 22 müň elektroulag öndürilýär.
Şeýle hem “Tesla”-nyň Germaniýanyň Berlin şäheriniň golaýynda hem bir zawody bar. Bu ýerde “Model Y” elektroulaglary öndürilýär. Kompaniýa Meksikada hem elektroulag zawodyny gurmagy meýilleşdirýär.
Umitjan Umirow, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









