Howanyň arassalygyny ölçeýän enjam uçuryldy

50

ABŞ-nyň kos­mos pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň üs­tün­de ho­wa­nyň aras­sa­ly­gy­ny öl­çe­jek en­ja­my kos­mo­sa uçur­dy. Tro­pos­fe­rik emis­si­ýa ha­pa­ly­gy yzar­la­ma (TEM­PO) at­ly en­ja­my ABŞ-nyň Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy iş­läp taý­ýar­lap­dyr. “Falcon 9” ra­ke­ta­sy bi­len Flo­ri­da şta­tyn­da­ky Keýp Ka­na­we­ral kos­mod­ro­myn­dan uçu­ry­lan en­jam “In­tel­sat 40e” eme­li ara­gat­na­şyk hem­ra­sy­na bag­ly or­bi­ta ýer­leş­di­ril­di. En­jam do­ly or­na­şan­dan soň­ra De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň ho­wa­sy­nyň aras­sa­ly­gy­ny öl­çär.
NA­SA-nyň Lang­li bar­lag mer­ke­zin­dä­ki TEM­PO tas­la­ma­sy­nyň do­lan­dy­ry­jy­sy Ke­win Dau­ger­ti eme­li hem­ra­nyň Por­to Ri­ko­dan Ka­na­da çen­li ara­lyk­da, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň äh­li ýe­rin­de gün­di­zi­ne sa­gat­da bir ge­zek ho­wa­nyň hi­li­ni öl­çe­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Dau­ger­tu tas­la­ma­nyň umu­my ba­ha­sy­nyň 210 mil­li­on dol­lar­dy­gy­ny bel­le­di.
TEM­PO-nyň aşa­ky tro­pos­fe­ra­da­ky ozon we azot di­ok­sit ýa­ly ho­wa­ny ha­pa­la­ýan esa­sy ha­pa­laý­jy­la­ryň de­re­je­si­ni anyk­la­mak üçin ult­ra­me­lew­şe we inf­ra­gy­zyl şöh­le spektr­le­ri­ni öl­çe­jek­di­gi­ni mä­lim edil­di.

Re­jep­my­rat Gur­ban­my­ra­dow, Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.