Hytaýly startap mör-möjekleri ýüze çykarýan we lazer şöhlesi bilen ýok edýän çybynlardan goranyş ulgamyny döretdi. “Photon Matrix” enjamy «Indiegogo» platformasynda peýda boldy.
Enjam sekuntda 1 metrden ýokary tizlikde uçmaýan çybyn-çirkeýleri kesgitläp ýok edýär. Enjamyň “Pro” wersiýasy siňekleri hem tanap, ýok edýär.
Döredijiler bu nusganyň “ilkinji nobatda howpsuzlyga gönükdirilendigini” nygtaýarlar. Ol adamlara, öý haýwanlaryna ýa-da guşlara zeper ýetirmeýär.
“Photon Matrix”-iň üstünde henizem işlenýär we şu ýylyň 25-nji oktýabrynda satylyp ugrar. Enjamyň bahasy 468 dollardan, “Pro” wersiýasy bolsa 598 dollardan başlaýar.