Hytaýda geçen ýyl elektroulaglara bolan isleg 40 göterimden geçdi, benzin bilen işleýän ulaglara isleg pese gaçdy. Hytaýyň Awtoulag öndürijileri jemgyýetiniň maglumatyna görä, dünýäniň iň köp ulag satylýan ýurdunda geçen ýyl awtobuslary we ýük ulaglaryny hem hasaba alanyňda jemi 31,4 million ulag satyldy. Bu görkeziji ozalky ýyldakydan 4,5 göterim ýokary boldy. Awtoulag önümçiligi bolsa, 3,7 göterim artypdyr.
Ýurduň awtoulag eksporty 20 göterim artyp, 5 milliona ýetipdir. Şonuň 1,28 milliony “täze energiýaly ulaglar” (diňe batareýa bilen işleýän, gibrid ulaglar) emele getiripdir.
2024-nji ýylda Hytaýda adaty ýangyçly, ýagny benzin we dizel motorly ulaglaryň satuwy 17 göterim azalyp, 11,6 milliona düşüpdir. Şeýlelikde umumy satylan ulaglaryň 51 göterimini emele getiripdir.