Hytaýyň “iQiyi” wideo internet saýty Şanhaý şäherinde hyýaly hakykat hyzmatyny ýola goýdy. Gatnaşyjylar şaglawugyň, güýçli ýeliň we beýleki tebigy sesleri duýup bilýärler. Dürli enjamlary dakynan adamlara 300 inedördül metr meýdanda hyýaly dünýäde gezelenç etmäge mümkinçilik berilýär. Bu ýerde tebigatda ýöremek, gaýykda we beýleki ulag serişdelerinde gezelenç etmek ýaly adaty durmuşdaky hereketleri hyýaly dünýäde ýerine ýetirip bolýar. Bu tolgundyryjy gezelenç 50 minut dowam edýär. Biletler 198 ýuandan (29 dollar) 398 ýuan (58 dollar) aralygynda üýtgeýär. Çäräniň 18-nji maýa çenli dowam etjekdigi mälim edildi.
Soňky ýyllarda hyýaly hakykat tehnologiýasy barha artyp, tehnologiýa kompaniýalary üçin hem girdejili ugurlaryň birine öwrülýär.
Aýşat Bäşimowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









