Dünýä belli şwesiýaly ozalky futbolçy Zlatan Ibrahimowiçiň ogly hem kakasyny ýoluna eýerýär. 19 ýaşyndaky Maksimillian Ibrahimowiç “Milandan” kärendesine “Aýaks” toparyna geçdi. Ibrahimowiç möwsümiň ahyryna çenli “Aýaksda” oýnar. “Aýaksyň” Ibrahimowiçi tomusda 3,5 million ýewro berip, ymykly düzümine geçirmek mümkinçiligi hem bar.

Maksimillian Ibrhaimowiç “Milanyň” esasy düzüminde 1 duşuşyk hem geçirmedi. “Milanyň” U23 topary “Milan Futuroda” 18 oýunda 5 gezek tapawutlanan Maksimillian kakasynyň ýoluna eýerip, Zlatan ýaly “Aýaksyň” köýnekçesini geýer.

Ibrahimowiç “Malmöde” futbola başlap, “Aýaks”, “Ýuwentus”, “Inter”, “Barselona”, “Milan”, PSŽ, “Mançester Ýunaýted”, “LA Galaksi” we ýene-de “Milanda” oýnapdy.