Ozal habar berşimiz ýaly, 18-nji martda Aşgabat şäherinde Türkmenistanda ilkinji gezek «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly IFT 2025 halkara forumy geçiriler. Bu halkara foruma gatnaşyjylara senagat, ulag, oba hojalyk, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklardaky ileri tutulýan taslamalar bilen tanyşmaga, hususy işewürligi goldamak boýunça çäreleri öwrenmäge, halkara we ýerli maýadarlar, maliýe institutlary we işewürligiň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga, sebitde işewürligi alyp barmagyň we maýa goýum goýmagyň iň gowy dünýä tejribelerine bagyşlanan ekspert maslahatlaşmalaryna gatnaşmaga mümkinçilik berler. Biziň “Zaman- Türkmenistan” gazetimiz hem IFT 2025-iň media hyzmatdaşy bolup durýar.
Foruma 26 ýurtdan 200-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurtly maýadarlar, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ykdysadyýet we innowasiýalar ulgamyndaky hünärmenler hem gatnaşarlar.
IFT 2025 halkara forumy Türkmenistanyň hususy pudagynyň ösüşleri: ýetilen sepgitler we mümkinçilikler, Kiçi we orta telekeçilige ýardam bermek: halkara we milli tejribeler, Üznüksiz aýlawly (sirkulýar) ykdysadyýet: Türkmenistanyň senagat, gurluşyk, ulag we syýahatçylyk pudaklarynyň häzirki zaman ösüşinde hususy pudagyň orny, Oba hojalygyna innowasiýalary ornaşdyrmakda hususy pudagyň gazananlary we maksatnamalaýyn ugurlary ýaly bölümleri öz içine alýar. Bu bölümlerde Aýdar Kazybaýew – Gazagystan Respublikasynyň «Samruk-Kazyna» milli abadançylyk gaznasynyň jemgyýetçilik geňeşiniň agzasy, Türkmen-gazak işewürler geňeşiniň gazak tarapyndan ýolbaşçysy, Wladimir Anişşenko – Belarus Respublikasynyň «SoftClub» kompaniýasynyň ylym we innowasiýa boýunça Baş direktorynyň orunbasary, Artur Andrisýak – Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory, Mangal Azgarkhil – Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «MTS Mangal Transport & Shipping GmbH» kompaniýasynyň direktory, Anatoliý Nikulin – Niderlandlar Patyşalygynyň «M&P Holding» kompaniýasynyň direktory we Piter Zakse – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere Walldorf International GmbH» kompaniýasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary boýunça wise-prezidenti we Tang Žiwei – Hytaý Halk Respublikasynyň «China Railway Construction Heavy Industry Corporation Limited» kompaniýasynyň direktorynyň orunbasary ýaly bilermenler çykyş ederler.
IFT 2025 maslahatynyň we sergisiniň dowamynda çärä gatnaşyjylar ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary özara duşuşmaga hem mümkinçilik alarlar. Bu duşuşyga gatnaşyjylar potensial taslamalary ara alyp maslahatlaşyp, maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenip, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklary barada ilkinji maglumatlary alyp bilerler.