Palmalar maşgalasyna degişli bolan finik agajy, esasan, gurak sebitlerde ösdürilip ýetişdirilýär. Haýal ösýän, emma uzak ýaşaýan bu agajyň boýy 30 metre çenli ýetýär. Arkasy tikenli, uzyndan inçe çal ýapraklary bolan finik agajy iki jynsly bolýar. Demirgazyk Afrikada we Ýakyn Gündogarda 6 müň ýyldan gowrak wagtdan bäri ösdürilip ýetişdirilýän uzyn agaç bir asyrdan gowrak ýaşap bilýär.
Palmalaryň «arecaceae» maşgalasyna degişli bolan finik agajy Portugaliýada, Ispaniýada, Ortaýer deňzi kenarlarynda we Günorta Kaliforniýada ösdürilip ýetişdirilýär. Finik agajy ekilenden soň 4-8 ýyl aralygynda hasyl berip başlaýar. Hasyl möwsüminde her düýbünden 70-140 kilogram hurma alyp bolýar. Inçejik hurmany guşlar we beýleki mör-möjekler iýýändigi sebäpli, bişmezden öň finik agajynyň şahalary uzyn haltajyklar bilen örtülýär.
Tropik we subtropik howa uýgunlaşan finik agajy igdä meňzeş miwesi bilen tanalýar. Finik hurmasy diýlip atlandyrylýan bu miwe ýygnalyp guradylandan soň köpçülige hödürlenilýär. Miwäniň reňki sarymtyl-gyzyl ýa-da garamtyl-goňur bolýar. Hurmanyň düzüminde 63-64% şeker, A, E, K, B witaminleri, uglewod, kaliý, magniý, demir we süýüm saklanýar. Ýokumlylygy bilen tapawutlanýan bu miwe latynça «götermek», grekçe bolsa «barmak» diýmegi aňladýar.
Hurma adatça içi çigitli we çigitsiz görnüşde eksport edilýär. Oraza aýynda iň köp iýilýän süýji nygmatlaryň biri bolan kiçijik hurmanyň üsti bally ýa-da şokoladly görnüşleri hem satylýar. Inçejik hurmanyň çigidi üwemek arkaly kosmetikada we dermatologiýada ulanylýar. Mundan başga-da, käbir ýurtlarda kofe goşundysy hökmünde hem peýdalanylýar. Hurma köp halkyň medeniýetinde ekerançylygyň nyşany hasaplanýar.
PDF









