(Hekaýa)
Braýan Kawano, amerikan ýazyjysy.
Iki dogan maşgala fermasyny bilelikde ýöredýän ekenler. Olaryň birisi öýli-işikli bolup, uly maşgalasy bar eken. Beýleki birisi bolsa, heniz öýlenmedik eken. Doganlar günüň ahyrynda ähli önümlerini we girdejilerini des-deň paýlaşypdyrlar.
Bir sapar inisi öz ýanyndan şeýle diýipdir:
– Biziň ähli hasyly deň paýlaşmagymyz dogry däl. Çünki men ýeke we meniň zerurlyklarym hem onçakly köp däl.
Şondan soň ol her gije öz ammaryndan bir halta däne alyp, gizlinlik bilen bugdaý meýdanynyň içi bilen doganynyň ammaryna daşapdyr.
Şol wagt maşgalaly dogany hem öz ýanyndan şeýle diýipdir:
– Biziň ähli hasyly des-deň paýlaşmagymyz adalatly däl. Meniň iň bolmanda, garrylykda aladamy etjek çagalarym bar. Inim bolsa, ýeke we onuň aladasyny etjek maşgalasy ýok.
Şondan soň, ol hem her gije bir halta dänäni doganynyň ammaryna getirip döküpdir.
Doganlar bir gün däne ätiýaçlyklarynyň hiç hili kemelmeýändigini görüp, geň galypdyrlar. Bir ýola olar gijäniň ümüş-tamşynda tötänlikde biri-birine gabat gelipdirler. Olar ilki allaniçigsi bolup, doňup galypdyrlar. Şondan soň olar haltalaryny taşlap, biri-birini gujaklapdyrlar.
Bir – dogan dözmez, birde – dogran.