Tennis boýunça ABŞ-nyň Sinsinnati şäherinde geçirilen “Sinsinnati Açyk” ýaryşy tamamlandy. Erkekleriň arasynda 124-nji, zenanlaryň arasynda-da 97-nji gezek guralan bu “Masters”, ýagny ATP ýa-da WTA 1000 bäsleşiginde ispaniýaly Karlos Alkaras bilen polşaly Iga Şwentek ýeňiji boldy. Iki tennisçi-de finalda italiýaly garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy. Ýeňiji hökmünde Alkaras 1 million 124 müň 380, Şwentek bolsa 752 müň 275 amerikan dollary pul baýragy bilen sylaglandy.

Erkekleriň arasyndaky finalda sanawyň 1-2-nji belgili tennisçileri – italiýaly Ýannik Sinner bilen ispaniýaly Karlos Alkaras duşuşdy. Duşuşygyň 1-nji setinde geçen ýylyň çempiony Sinner garşydaşy Alkarasyň 5:0 öňde barýan mahaly şikesi sebäpli ýaryşdan çekildi. Şunlukda, Alkaras bu ýaryşdaky ilkinji, şol sanda 8-nji “Masters”, umumylykda-da 22-nji ATP çempionlygyny baýram etdi.

Zenanlaryň arasyndaky finalda polşaly Iga Şwentek bilen italiýaly Jasmin Paolini duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda Şwentek garşydaşyny 2 setde 7:5, 6:4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu onuň 11-nji “Masters”, şol sanda 24-nji WTA çempionlygy diýlip bellige alyndy.

Erkekleriň arasyndaky jübütleýin ýaryşyň finalynda-da italiýaly atdaş tennisçiler – Lorenzo Musetti bilen Lorenzo Sonego ikisi horwatiýaly Nikola Mektiç hem-de amerikaly Rajeew Ram ikisinden asgyn geldi.

Zenanlaryň arasyndaky jübütleýin bäsleşigiň finalynda kanadaly Gabriela Dabrowski bilen awstraliýa Erin Rutliff ýeňiji boldy.