FIFA Dünýä Kubogy 2026-a gatnaşjak toparlaryň hataryna Aziýadan ýene 2 ýygyndy goşuldy. Aziýa zolagynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary jemlenip, Kataryň hem-de Saud Arabystanynyň milli ýygyndylary Dünýä Kubogyna wekilçilik etmäge hukuk gazandylar.

“A” toparçada Kataryň ýygyndysy 3 oýunda 4 utuk toplady. Duşuşyklar Katarda geçirildi. Oman bilen golsuz deňme-deň oýnan katarlylar BAE-niň ýygyndysyny Huhiniň hem-de Pedro Migeliň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňmegi başardy. BAE bu duşuşykdan öň Omany 2-1 hasabynda ýeňipdi. Netijede, Katar 4, BAE 3, Oman 1 utuk bilen 4-nji tapgyry tamamlady. 2022-nji ýyldaky çempionatyň guramaçysy bolan Kataryň ýygyndysy taryhynda 2-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar.

“B” toparçada Saud Arabystanynyň, Yragyň hem-de Indoneziýanyň ýygyndylary bäsleşdi. Ýer eýeleri Saud Arabystanynyň ýygyndysy Indoneziýanyň milli toparyny çekeleşikli geçen oýunda 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi (Abu Al-Şarmat 17, Al-Buraikan 36 p, 62 – Diks 11 p, 88 p). Yragyň ýygyndysy Indoneziýanyň ýygyndysyny Ikbalyň 76-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi. Saud Arabystany bilen Yragyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýunda hasap açylmady. Netijede, utuklary, gol aratapawudy deň bolan Saud Arabystanynyň ýygyndysy Yragyň ýygyndysyndan köp gol geçireni üçin Dünýä Kubogyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Saud Arabystanynyň ýygyndysy bassyr 3-nji, umumylykda 7-nji gezek futbolyň iň uly baýramçylygyna gatnaşarlar (1994, 1998, 2002, 2006, 2018, 2022, 2026).

Aziýa zolagynda 5-nji tapgyryň hem duşuşyklary geçirilip, 4-nji tapgyryň toparçalarynda 2-nji orny eýelän BAE bilen Yragyň ýygyndylary noýabr aýynda 2 ýerde özara duşuşarlar. Ýeňiş gazanan topar yklymlararasy pleý-off tapgyryna gatnaşar.