Koronawirus pandemiýasy sebäpli iki ýyl gowrak wagt bäri serhetleri ýapyk duran Täze Zelandiýa syýahatçylary kabul edip başlar. 12-nji aprelden başlap Awstraliýa, 1-nji maýdan başlap dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ýaşaýjylary bu ýurda syýahat edip bilerler. Ýuwaş ummanynyň günortasynda ýerleşýän Täze Zelandiýa barjak myhmanlardan “Covid-19” testiniň otrisatel netijesi talap ediler. Ýurduň hökümet başlygy Jasinda Ardern bu barada alnan kararyň ykdysady dikelişi çaltlandyrmakdan ybaratdygyny aýtdy. Ýurt pandemiýanyň ilkinji günlerinden başlap çäklendirme girizdi, gysga wagtda sanjym işlerine girişdi. Ýurtda sanjym alan raýatlaryň sany 95 göterim töweregi. Pandemiýadan ozal ýurt syýahatçylyk pudagyndan 11,5 milliard dollar girdeji gazanýardy. Ýurduň ilatynyň 8 göterimi bu pudakda zähmet çekýär.