Tokioda Ikinji Jahan urşy ýyllarynda ýitirilen Antonio Stradiwariniň ýasan skripkasy tapyldy. Bu barada “The New York Times” habar berýär. “Mendelssohn” guraly 1709-njy ýylda ýasalyp, saklamak üçin Mendelssohn-Bonkeniň maşgalasynyň ygtyýaryna berilýär. Ýöne ol uruş ýyllarynda ýitirim bolansoň, maşgalanyň ony tapmak üçin eden tagallalary şowsuz tamamlanýar.
Belli hünärmen Karl Şapro bu skripkanyň hakykylygyny tassyklady. Ol 2018-nji ýylda Ýaponiýada geçirilen Stradiwarius gurallarynyň sergisindäki suratlara seredýärdi. Şol ýerde “Stella” ady bilen sergä çykarlan skripkanyň 1707-nji ýylda ýasalandygy bellendi. Hünärmen suraty asyl suratlar bilen deňeşdirdi we agaç nagyşlaryna esaslanyp, onuň hakykatdan hem “Mendelssohn”-dygyny kesgitledi. 2000-nji ýylda Nýu-Ýorkda geçirilen auksionda satylan bu gurala 1,5 million dollar baha kesildi.