Beýleki Uzak Gündogar ýurtlarynda bolşy ýaly, Günorta Koreýada hem ilat sany azalýar. Bu ýagdaý az ilatly ýerlerde mekdebe barýan okuwçylaryň sanynyň azalmagyna getirýär. Ýurduň Bilim ministrligi ýeterlik okuwçynyň ýokdugy sebäpli ýylyň ahyrynda çenli 49 mekdebiň ýapyljakdygyny mälim etdi. Maglumatlara görä, 2023-nji ýylda 22, geçen ýyl 33 mekdep okuwçy ýetmezçiligi sebäpli ýapylypdyr. Ministrlik şu ýyl ýapyljak mekdepleriň 88 göteriminiň oba ýerlerindedigini mälim etdi. Ýapyljak 49 mekdebiň 38-i başlangyç, 8-i orta synp we 3-i ýokary synp mekdepleridigi habar berildi.