20-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ba­şy­ny baş­lan asyl­ly iş­le­ri hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ze­hin­li ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­mak hem-de ola­ryň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Şun­da türk­men hal­ky­nyň mil­li bag­şy­çy­lyk we saz sun­ga­ty­ny ös­dür­mek, ýaş bag­şy-sa­zan­da­la­ry hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, du­tar­çy bag­şy-sa­zan­da­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän «Çal­sa­na, bag­şy!» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­mek ge­rek.
Du­tar­çy­lyk sun­ga­tyn­da pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji hal­ky­my­zyň dur­muş pel­se­pe­si, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Halk bag­şy­la­ry­nyň asyr­la­ryň jüm­mü­şi­ne uzap gid­ýän bu sun­ga­ty äh­li dö­wür­ler­de aý­ra­tyn hor­mat-sar­pa my­na­syp bo­lup­dyr. Hä­zir­ki wagt­da türk­men du­ta­ry­nyň şi­rin owa­zy ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň was­py, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­giň, hoş­ni­ýet­li­li­giň we dost-do­gan­ly­gyň mu­ka­my bo­lup ýaň­lan­ýar. Du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi­niň, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň «Çal­sa­na, bag­şy!» bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry­na gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. Gut­lag­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň äh­li ul­gam­la­ry bi­len bir­lik­de, me­de­ni­ýet ul­ga­my hem uly ösüş­le­re eýe bol­ýar. Me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, jem­gy­ýe­ti­miz­de wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ag­zy­bir­lik, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­ma­ga uly ýar­dam ber­ýär. Ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek, tä­ze me­de­ni mak­sat­ly bi­na­la­ry gur­mak, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, sun­ga­ty­my­zy, ede­bi­ýa­ty­my­zy ös­dür­mek, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni hö­wes­len­dir­mek ba­bat­da iri möç­ber­li döw­let mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Türk­men hal­ky­nyň köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­ti­ren mil­li bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge, tä­ze aý­dym-saz­lar bi­len baý­laş­dyr­ma­ga, il için­den sun­ga­ta hö­wes­li ýaş bag­şy-sa­zan­da­la­ry ýü­ze çy­kar­ma­ga döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan uly üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­giň çäk­le­rin­de du­tar­çy bag­şy-sa­zan­da­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän «Çal­sa­na, bag­şy!» bäs­le­şi­gi hem gel­jek­de aý­dym-saz sun­ga­ty­ny has-da ös­dür­mä­ge ukyp­ly ne­sil­le­ri ýü­ze çy­kar­mak­da, ola­ry hö­wes­len­dir­mek­de öz­bo­luş­ly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­ne 18–35 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň gat­naş­ma­gy ýur­du­myz­da ýaş­lar ba­ra­da­ky ala­da­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­niň gü­wä­si­dir. Onuň jem­leý­ji tap­gy­ry­na Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­den, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­dan des­lap­ky tap­gyr­lar­da ýe­ňi­ji bo­lan bag­şy­la­ryň 14-si, du­tar­çy sa­zan­da­la­ryň hem 14-si gat­naş­dy. Il­ki bi­len du­tar­çy sa­zan­da­la­ryň çy­kyş­la­ry­na orun be­ril­di. Çal­nan halk saz­la­ryn­da hal­ky­my­zyň mil­li­li­gi, dur­muş pel­se­pe­si, ru­hy dün­ýä­si öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Du­tar­çy sa­zan­da­la­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de ýaň­la­nan dün­ýä­niň dür­li halk­la­ry­nyň saz­la­ry, şol san­da nus­ga­wy saz­lar çä­rä öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­dy. Bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­la­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de ýaň­la­nan «Çal­sa­na, bag­şy!» aý­dy­my da­ba­ra­nyň iň şow­hun­ly pur­sat­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di.
Soň­ra bäs­le­şi­giň ikin­ji bö­lü­min­de türk­men halk aý­dym­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Hormatly Prezidentimiziň ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne ber­ýän üns-ala­da­syn­dan ruh­la­nyp, bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­lar aý­dym-saz­la­ry aý­ra­tyn joş­gun we us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Bag­şy-sa­zan­da­la­ryň halk saz­la­ry­ny hem-de aý­dym­la­ry ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­ri­ne mah­sus ýol-ýö­rel­ge­ler esa­syn­da ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri bäs­le­şi­giň kö­pö­wüş­gin­li hä­si­ýet­li bol­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Kon­sert mak­sat­na­ma­syn­da hal­ky­my­zyň saz me­de­ni­ýe­ti­ni, onuň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li ýö­rel­ge­le­ri­ni wasp ed­ýän çy­kyş­la­ra mö­hüm orun be­ril­di. Bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­la­ryň bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren «Parahatçy­lyk aý­dy­my» at­ly aý­dy­my ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän dost-do­gan­lyk sy­ýa­sa­ty­na, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň dün­ýä­de wa­gyz edil­me­gi ug­run­da hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­na be­lent buý­san­jyň se­na­sy bo­lup ýaň­lan­dy.
Soň­ra ýe­ňi­ji­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Da­ba­ra gat­na­şan­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da ýe­ňi­ji bo­lan bag­şy­la­ryň hem-de du­tar­çy sa­zan­da­la­ryň 14-si­niň at­la­ry yg­lan edil­di we ola­ryň her bi­ri ýö­ri­te dip­lom hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň al­tyn zyn­jy­ry bi­len sy­lag­la­nyl­dy. Şeý­le hem «Çal­sa­na, bag­şy!» bäs­le­şi­gi­ne gat­na­şan­la­ryň äh­li­si­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan ýa­dy­gär­lik sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.
Bäs­le­şi­giň ahy­ryn­da oňa gat­na­şy­jy­lar Arkadagly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň ady­na Ýüz­len­me ka­bul et­di­ler. On­da ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik baş­lan­gyç­la­ry­nyň gol­da­nyl­ma­gy, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň ös­dü­ril­me­gi ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýän döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk be­ýan edil­ýär hem-de ýaş­la­ryň us­sat bag­şy­la­ryň dö­re­di­ji­lik ýo­lu­ny my­na­syp do­wam et­di­ri­ji­ler hök­mün­de mil­li aý­dym-saz sun­ga­ty­my­zy ös­dür­mek ba­bat­da yh­la­sy­ny gaý­gyr­ma­jak­dyk­la­ry bel­le­nil­ýär.