Ilkinji gezek Ýakyn Gündogar sebitinden Germaniýa suwuklandyrylan gaz eksport edildi. Abu Dabi milli nebit kompaniýasy (ADNOC) Germaniýanyň RWE kompaniýasyna ilkinji suwuklandyrylan gazy tabşyrdy.
Geçen aýyň ortalaryna Germaniýada ilkinji “ýüzýän” terminal işe girizilipdi. Abu Dabidäki Das adasynda “ADNOC Gas” tarapyndan öndürilen 137 müň kubmetre barabar suwuklandyrylan tebigy gaz Germaniýanyň Brunsbýuttel şäherindäki “Elbehafen” terminalyna baryp ýetdi. Bu gazyň bir ýyllap 250 müň ilata ýetjek derejede, ýagny 900 million kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmek üçin ýeterlikdigi mälim edildi.
“ADNOC”-yň ýolbaşçysy Ahmed Alebri energiýa bolan global islegiň artýandygyny belläp, RWE kompaniýasyna we nemes senagatyna has köp gaz ibermäge taýýardyklaryny belledi.
Gülnar Kadyrowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









