Düýn ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp kasam kabul edip resmi ýagdaýda wezipesine girişdi. Kasam kabul edişlik dabarasy adatdakydan tapawutlylykda sowuk howa sebäpli Kapitoli binasynyň içinde geçirildi. Ýurduň öňki Prezidenti Jozef Baýden hem-de ýurduň 47-nji Prezidenti Donald Tramp däp bolşy ýaly, Ak Tamdan çykyp, şol bir ulagda ABŞ-nyň Kongresler binasyna tarap ugradylar. Bu ýerde geçirilen resmi kasam kabul edişlik dabarasyna ýurduň ozalky Prezidentleri, işewürlik dünýäsiniň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ýokary derejeli myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar.
Kasam kabul edişlik dabarasy tamamlanandan soňra Donald Tramp Ak Tama baryp, birnäçe resminama gol çekdi. Trampyň ilkinji gününde gol çeken resminamalarynyň arasynda Kanada we Meksika döwletlerinden getirilýän harytlara 25 göterim gümrük salgydynyň girizilmegi hem bar. Bu düzgün 1-nji fewraldan güýje girer.
Şeýle hem Tramp Kongresiň “TikTok” platformasyna girizilen gadagançylygy 75 gün möhlet bilen togtatmagyny göz öňünde tutýan buýruga gol çekdi. Bu möhletiň dowamynda jemgyýetçilik tory açyk bolmagynda galar hem-de hyzmatdaşlyk etmek üçin bir amerikan kompaniýasyny tapmaly bolar.
Mundan başga-da Prezident Tramp ABŞ-nyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyndan çykmagyny göz öňünde tutýan karara gol çekdi. Şeýle hem ýurduň daşary döwletlere iberýän kömeklerine hem gaýtadan seredilmegini tabşyrdy.
Prezident Trampyň gol çeken resminamalarynyň arasynda ýer-ýurt atlarynyň üýtgedilmegi hem bar. Ol häzirki wagtda Denali diýlip atlandyrylýan Demirgazyk Amerikanyň iň beýik dagyna ozalky ady Mak-Kinli diýip üýtgetjekdigini aýtdy. Bu dagyň ady ýurduň ozalky Prezidenti Barak Obama tarapyndan Denali diýlip üýtgedilipdi. Alýaskadaky bu dag irki döwürlerde ýerli halk tarapyndan “Denali” diýlip atlandyrylypdyr.
Mundan başga-da Prezident Tramp Meksika aýlagynyň adyny Amerika aýlagy diýip üýtgetjekdiklerini aýtdy.
Donald Tramp ABŞ-nyň Pariž ylalaşygyndan çykmak baradaky resminamasyna hem gol çekdi. ABŞ 2016-njy ýylda döredilen bu ylalaşyga Trampyň birinji Prezident bolan döwründe goşulmandy. Ýurduň ozalky Prezidenti Jozef Baýden bu ylalaşyga goşolmak baradaky resminama gol çekipdi.
Prezidenti Trampyň gol çeken resminamalarynyň käbirleriniň güýje girmegi üçin Kongresiň razylygy ýa-da kanunlaryň üýtgedilmegine zerurlyk duýulmagy mümkin.