Ýa­nyň­da gö­te­rip bol­ýan ara­gat­na­şyk en­ja­my­nyň döredilenine has köp wagt ge­çen hem bol­sa, hem­me­ler üçin el­ýe­ter smart­fo­nyň peý­da bo­la­ny­na 30 ýyl dol­dy. 1996-njy ýy­lyň aw­gus­tyn­da Finl­ýan­di­ýa­nyň «No­kia» kom­pa­ni­ýa­sy il­kin­ji smart­fo­ny sa­tu­wa çy­kar­ýar. En­tek ada­ty el te­le­fon­la­ry­nyň hem o di­ýen ýaý­ra­ma­dyk şol dö­wür­le­rin­de köp­çü­li­ge hö­dür­le­nen «No­kia 9000 Com­mu­nicator» at­ly en­jam QWER­TY kla­wia­tu­raly bo­lup, faks we elekt­ron poç­ta aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar­dy. Şeý­le hem hä­zir­ki dö­wür­de gün­de­lik dur­mu­şyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­len smart­fo­nyň il­kin­ji nus­ga­syn­da ýö­ne­keý se­ne­na­ma, in­ter­net bag­la­ny­şy­gy hem-de ek­ra­nyn­da­ky düw­me­le­re bas­mak üçin ýö­ri­te ga­la­my bar­dy. Ki­çi­jik ýan­komp­ýu­te­ri ýa­da sal­ýan bu smart­fon adat­ça komp­ýu­ter­de edil­ýän iş­le­ri hem is­len­dik ýer­de et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär­di. Şeý­le­lik­de, di­ňe gep­leş­mek we hat ug­rat­mak üçin ula­nyl­ýan en­ja­myň gün­de­lik dur­muş­da ge­rek bol­jak baş­ga mak­sat­lar üçin hem ula­nyl­jak döw­ri baş­lan­dy. Şon­dan soň­ra beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar hem smart­fon iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň ug­ru­na çyk­dy­lar. Il­kin­ji el te­le­fo­ny ha­sap­lan­ýan en­ja­my 1973-nji ýyl­da Mar­tin Ku­per oý­lap tap­ýar.